Web Developer

Ýerleşýän ýeri

Online

Aýlyk haky

Meýletinçi

Näçe wagtlyk iş ?

Hemişelik

Işiň goýulan senesi

06.04.20

Iş barada

Ýaş, döredijilikli we işjeň topara girmek isleýänler üçin boş ýer. Biz bilen bir toparda işlemek isleýän zehinli işgär bilen gaty gyzyklanýarys!

Web Developer :
Front-end developer
Back-end developer

Jogapkärçilikler

Front-end developer : 

  1. Esasy tehnologiýalar barada ajaýyp bilim 

  2. HTML(5)/CSS(3), Flex, Grid;

  3. Preprocessors : SASS (SCSS), LESS 

  4. Awtomatizasiýa : Gulp, Webpack 

  5. Crossbrauzeri nädip düzmelidigini bilýärsiňiz, brauzerleriň aýratynlyklaryny bilýärsiňiz; 

  6. Semantic, responsive and mobile layout; 

  7. Git bilen topar bolup işlemek üçin esasyny bilmek. 

  8. UI/UX, Pixel Perfect düşünmek.


Back-end developer : 

  1. Rest API arkasyny noldan ýazmak; 

  2. Iş öndürijiligini optimizirlemek; 

  3. Töleg ulgamlarynyň birikmesi; 

  4. Hosting bilen işlemek; 

  5. Üçünji tarap hyzmatlarynyň API bilen işlemek. 

  6. Sahypany dolandyrmagyň umumy ulgamlary (Joomla, Drupal, Bitrix, Wordpress we ş.m.) bilen tejribe; 

  7. Review code.

Talaplar

  • Gerekli iş tejribesi: 1-3 ýyl (Junior, middle)

  • Özbaşdak proýektleri edip bilmegiňiz


Frontend: 

  • HTML, CSS bilmek.

  • Figma bilen işleşmek.

  • React.js, Redux, ES6/ES7

  • Saýdyň bar bolan sahypalaryny redaktirlemek.

  • SASS deslapky prosessor bilen işlemek ukyby;

Back-end developer :

  • Meşhur CMS-laryň birinde (WordPress, Bitrix) web sahypasyny ösdürmek

  • Maglumat bazalary bilen işlemek (MySQL / MongoDB )

  • Php (laravel) / Python (django) / Node.js hakda çuňňur bilim (Haýsy bolsada biri)

Size peýdalary

  • Ýaş we dostlukly topar agzalarymyz bilen toparlaýyn iş (Teamwork)

  • Iş tejribesi (gyzykly meseleler boýunça professional ösüş)

  • Flexible (maýyşgak) iş wagty

  • Gyzykly taslamalary we öz pikirleriňizi tanatmak / durmuşa geçirmek ukyby

  • Boş wagtyňy peýdaly zatlara sarp etmek

  • Täze adamlar bilen tanyşmak

  • Jogapkärçilik gazanmak

Biz barada

Biz Ýolbelet toparynyň inisiatiw gruppasy. Bizi jemleýän esasy zat maksatlarymyzyň bir bolmagy , ýagny ýurdumyzy we jemgyýetimiziň adamlarynyň ylym-bilimini ösdürmekde goşant goşmagy islemegimizdir. Häzirki wagtda biz Ýolbeletde meýletinçi hökmünde, ýagny okuwymyzyň we işimiziň daşyndan boş wagtlarymyzda işleýäris. Ýöne ýakyn geljekde platformamyzy esaslandyrmak we biznes planlarymyzy durmuşa geçirmegiň üstünde işler alyp barýarys we şol wagt öz işgärlerimize kanuna laýyklykda iş hakyny töläris.
Siz hem biziň maksatlarymyzy goldasaňyz we biziň bilen bile işläsiňiz gelse sizi toparymyzda görmekden hoşal bolarys!

Esasy başarnyklar (Soft skills)

HTML5 / CSS3 / SASS / JavaScript / Ajax / React / jQuery / Vue
PHP / Node.js / Python
MySQL / SQL / MS SQL
Git
Joomla CMS / 1С-Битрикс

Talap edilýän zatlaryň üstünde köp durmaň, olar adaty resmi iş talaby bolmak bilen siziň nämeler bilen meşgullanjaklygyňyzy beýan edýär.

Biziň sizden esasy garaşýan zadymyz bu işi etmäge bolan uly höwesiňizdir.