Marketolog

Ýerleşýän ýeri

Online

Aýlyk haky

Meýletinçi

Näçe wagtlyk iş ?

Hemişelik

Işiň goýulan senesi

06.04.20

Iş barada

Ýaş, döredijilikli we işjeň topara girmek isleýänler üçin boş ýer. Biz bilen bir toparda işlemek isleýän zehinli işgär bilen gaty gyzyklanýarys!

chatbot we autofunnel (автоворонка) edip bilýän adam

Jogapkärçilikler

  • Häzirki bazar ýagdaýyna gözegçilik we derňew. Bazaryň ösüşini çaklamak;

  • Satuw we marka habardarlygyny ýokarlandyrmak üçin teklipleri taýýarlamak:

  • bahalar boýunça teklipler;

  • täsirli mahabat döretmek we ulanmagy utgaşdyrmak;

  • Satuw strategiýalaryny işläp düzmek we soňraky durmuşa geçirmek.

  • Makalalar, press-relizler ýazmak we ýöriteleşdirilen metbugatda neşir etmek;

  • Sergilere we konferensiýalara gatnaşmak;

  • Internet sahypalaryny goldamak we ösdürmek (köplenç maslahat beriji häsiýetde).

Talaplar

  • Öwrenilýän bazaryň aýratynlyklaryny bilmek;

  • Analitik işleri ýerine ýetirmek, statistiki maglumatlary ýygnamak we gaýtadan işlemek, hasabat taýýarlamak;

  • Kompýuterlere we ofis enjamlaryna ynamly eýe bolmak;

  • Pikirleriňizi dilden we ýazmaça görnüşde dogry beýan etmek ukyby;

  • Ýöriteleşdirilen ýokary bilim.

Size peýdalary

  • Ýaş we dostlukly topar agzalarymyz bilen toparlaýyn iş (Teamwork)

  • Iş tejribesi (gyzykly meseleler boýunça professional ösüş)

  • Flexible (maýyşgak) iş wagty

  • Gyzykly taslamalary we öz pikirleriňizi tanatmak / durmuşa geçirmek ukyby

  • Boş wagtyňy peýdaly zatlara sarp etmek

  • Täze adamlar bilen tanyşmak

  • Jogapkärçilik gazanmak

Biz barada

Biz Ýolbelet toparynyň inisiatiw gruppasy. Bizi jemleýän esasy zat maksatlarymyzyň bir bolmagy , ýagny ýurdumyzy we jemgyýetimiziň adamlarynyň ylym-bilimini ösdürmekde goşant goşmagy islemegimizdir. Häzirki wagtda biz Ýolbeletde meýletinçi hökmünde, ýagny okuwymyzyň we işimiziň daşyndan boş wagtlarymyzda işleýäris. Ýöne ýakyn geljekde platformamyzy esaslandyrmak we biznes planlarymyzy durmuşa geçirmegiň üstünde işler alyp barýarys we şol wagt öz işgärlerimize kanuna laýyklykda iş hakyny töläris.
Siz hem biziň maksatlarymyzy goldasaňyz we biziň bilen bile işläsiňiz gelse sizi toparymyzda görmekden hoşal bolarys!

Esasy başarnyklar (Soft skills)

Excel we Microsoft maşgalasynyň beýleki programmalary barada ajaýyp bilim.
Sociability
initiative
Analitik pikir we ukyp

Talap edilýän zatlaryň üstünde köp durmaň, olar adaty resmi iş talaby bolmak bilen siziň nämeler bilen meşgullanjaklygyňyzy beýan edýär.

Biziň sizden esasy garaşýan zadymyz bu işi etmäge bolan uly höwesiňizdir.