Dizaýner

Ýerleşýän ýeri

Online

Aýlyk haky

Meýletinçi

Näçe wagtlyk iş ?

Hemişelik

Işiň goýulan senesi

06.04.20

Iş barada

Ýaş, döredijilikli we işjeň topara girmek isleýänler üçin boş ýer. Biz bilen bir toparda işlemek isleýän zehinli işgär bilen gaty gyzyklanýarys!

- Grafik dizaýner
- UI/UX dizaýner (Web dizaýner)

Jogapkärçilikler

Web dizaýner :

  • Web we mobile üçin UI/UX dizaýn düzmek.

  • Sahypanyň ýerleşişini ýa-da aýratyn sahypalaryny görkezmek.

  • Nyşanlary (icon), illýustrasiýalary , bannerleri döretmek ukyby.

Grafik dizaýner : 

  • Sosial ulgamlardaky döredilýän postlaryň dizaýnyny düzmek

  • “Adobe Photoshop”, “Illustrator”, “Corel Draw”, “InDesign”, “Figma” we başgalar. Redaktorlaryň hemmesinde birbada işlemek hökman däl. Birini özleşdireniňizden soň, beýlekisinde dizaýn etmegi çalt öwrenip bilersiňiz.

  • Creative stil, çeper tagam duýgusyna eýe bolan.

  • Marketingiň esaslaryny bilmek. (Mysal üçin, bazar derňewini nädip geçirmeli, marka, ýerleşiş, dizaýn önümiň hilini we baha segmentini nädip görkezip biler.)

  • Reňk psihologiýasyny bilmek peýdalydyr.

Talaplar

Web dizaýner :

  • Portfolioňyz (başgaça aýdylanda, iş tejribesi).

  • HTML ‚CSS-iň esasy bilimleri we düzüliş başarnyklary.

  • Photoshop, Figma, Illustrator, CorelDraw, Flash (käwagt beýleki grafika programmalary).


Grafik dizaýner : 

  • Wektor grafika redaktorlary bilen işlemek (Photoshop, Illustrator, CorelDraw);

  • Kompozisiýa, çyzgy, heýkeltaraşlygyň esaslary;

  • Marketing, marka, psihologiki reňk täsiriniň esaslary;

  • Tipografiýanyň esaslary we düzülişleri taýýarlamak;

  • Önüm öndürmek tehnologiýasy;

  • Sungatyň häzirki tendensiýalary we ş.m.

Size peýdalary

  • Ýaş we dostlukly topar agzalarymyz bilen toparlaýyn iş (Teamwork)

  • Iş tejribesi (gyzykly meseleler boýunça professional ösüş)

  • Flexible (maýyşgak) iş wagty

  • Gyzykly taslamalary we öz pikirleriňizi tanatmak / durmuşa geçirmek ukyby

  • Boş wagtyňy peýdaly zatlara sarp etmek

  • Täze adamlar bilen tanyşmak

  • Jogapkärçilik gazanmak

Biz barada

Biz Ýolbelet toparynyň inisiatiw gruppasy. Bizi jemleýän esasy zat maksatlarymyzyň bir bolmagy , ýagny ýurdumyzy we jemgyýetimiziň adamlarynyň ylym-bilimini ösdürmekde goşant goşmagy islemegimizdir. Häzirki wagtda biz Ýolbeletde meýletinçi hökmünde, ýagny okuwymyzyň we işimiziň daşyndan boş wagtlarymyzda işleýäris. Ýöne ýakyn geljekde platformamyzy esaslandyrmak we biznes planlarymyzy durmuşa geçirmegiň üstünde işler alyp barýarys we şol wagt öz işgärlerimize kanuna laýyklykda iş hakyny töläris.
Siz hem biziň maksatlarymyzy goldasaňyz we biziň bilen bile işläsiňiz gelse sizi toparymyzda görmekden hoşal bolarys!

Esasy başarnyklar (Soft skills)

- çeper tagam;

- görüş duýgusy;

- asyl we seresaply pikirlenmek ukyby;

- döredijilik we ugurtapyjylyk;

- häzirki zaman moda we medeniýeti bilmek.

Talap edilýän zatlaryň üstünde köp durmaň, olar adaty resmi iş talaby bolmak bilen siziň nämeler bilen meşgullanjaklygyňyzy beýan edýär.

Biziň sizden esasy garaşýan zadymyz bu işi etmäge bolan uly höwesiňizdir.