Copywriter

Ýerleşýän ýeri

Online

Aýlyk haky

Meýletinçi

Näçe wagtlyk iş ?

Hemişelik

Işiň goýulan senesi

06.04.20

Iş barada

Ýaş, döredijilikli we işjeň topara girmek isleýänler üçin boş ýer. Biz bilen bir toparda işlemek isleýän zehinli işgär bilen gaty gyzyklanýarys!

SEO - Copywriter

Jogapkärçilikler

  • Dürli formatda tekst we kontent ýazmak.

  • Materiallaryň ýygyndysy - müşderileriň gözlegleri, söhbetdeşlikler, suratlar.

  • Kontent meýilnamasyny düzmek we düzetmek (haçan we näme edilmeli). 

  • Internet taslamalarynyň ösüşini meýilleşdirmek.

  • Web sahypa tekst ýazmak.

  • Daşary ýurt tekstlerini terjime etmek.

  • Wideo döretmäge gatnaşmak.

  • Prezentasiýalar döretmek.

  • Täjirçilik teklipleri.

  • Satuw bildirişleri.

  • Eserler bukjasy.

  • SEO makalalary / blog makalalary.

Talaplar

  • Sowatlylyk - hünärmeniň grammatiki, dyngy belgilerini we orfografiki ýalňyşlyklary goýbermezligi üçin zerur;

  • Žurnalistika ýa-da filologiýa ugry boýunça bilim - žurnalistlar maglumat bilen nähili işlemelidigini bilýärler we filologlar adatça başarnykly ýazýarlar;

  • CMS bilen işlemek ukyby - göçürijiniň sahypada özi makalalary ýükläp ýa-da tekstleri redaktirlemegi üçin zerurdyr.

  • Internetde maglumatlary çalt tapmak ukyby.

  • Tekstlerde esasy talaplary ulanmagyň ussatlygy.

  • Çalt kompýuter çap etmek.

Size peýdalary

  • Ýaş we dostlukly topar agzalarymyz bilen toparlaýyn iş (Teamwork)

  • Iş tejribesi (gyzykly meseleler boýunça professional ösüş)

  • Flexible (maýyşgak) iş wagty

  • Gyzykly taslamalary we öz pikirleriňizi tanatmak / durmuşa geçirmek ukyby

  • Boş wagtyňy peýdaly zatlara sarp etmek

  • Täze adamlar bilen tanyşmak

  • Jogapkärçilik gazanmak

Biz barada

Biz Ýolbelet toparynyň inisiatiw gruppasy. Bizi jemleýän esasy zat maksatlarymyzyň bir bolmagy , ýagny ýurdumyzy we jemgyýetimiziň adamlarynyň ylym-bilimini ösdürmekde goşant goşmagy islemegimizdir. Häzirki wagtda biz Ýolbeletde meýletinçi hökmünde, ýagny okuwymyzyň we işimiziň daşyndan boş wagtlarymyzda işleýäris. Ýöne ýakyn geljekde platformamyzy esaslandyrmak we biznes planlarymyzy durmuşa geçirmegiň üstünde işler alyp barýarys we şol wagt öz işgärlerimize kanuna laýyklykda iş hakyny töläris.
Siz hem biziň maksatlarymyzy goldasaňyz we biziň bilen bile işläsiňiz gelse sizi toparymyzda görmekden hoşal bolarys!

Esasy başarnyklar (Soft skills)

Esasy zady görmek ukyby
Gysga ýazmak ukyby
Adamlara bolan söýgi
Sowatlylyk

Talap edilýän zatlaryň üstünde köp durmaň, olar adaty resmi iş talaby bolmak bilen siziň nämeler bilen meşgullanjaklygyňyzy beýan edýär.

Biziň sizden esasy garaşýan zadymyz bu işi etmäge bolan uly höwesiňizdir.