Content Manager

Ýerleşýän ýeri

Online

Aýlyk haky

Meýletinçi

Näçe wagtlyk iş ?

Hemişelik

Işiň goýulan senesi

06.04.20

Iş barada

Ýaş, döredijilikli we işjeň topara girmek isleýänler üçin boş ýer. Biz bilen bir toparda işlemek isleýän zehinli işgär bilen gaty gyzyklanýarys!

Content Manager web sahypamyzdaky makalalary ýa-da täzelikleri çap edýär, suratlary ýerleşdirýär, ýalňyşlary düzedýär, SEO-mahabatyna gatnaşýar we käwagt makalalar, synlar we söhbetdeşlikler ýazýar.

Jogapkärçilikler

  • sahypa maglumat girizmek we redaktirlemek:

  •  mentor / tutor / kurslar / Bloglar / Stipendiýalar;

  • grafika bilen işlemek;

  • wideo mazmunyny ýerleşdirmek;

  • makalalaryň tertibi;

  • makalalar, habarlar, bildirişler we beýleki mazmun ýazmak;

  • tekst ýazmak üçin maglumat gözlemek we ýygnamak;

  • sahypadaky ýönekeý ýalňyşlyklary ýok etmek we çylşyrymly meseleleriň beýany;

  • sahypanyň dogry işlemegine gözegçilik etmek;

  • sahypa girýänler bilen aragatnaşyk.

Talaplar

  • Ynamly kompýuter başarnyklary;

  • HTML, CSS barada esasy bilimler;

  • Ýalňyşsyz ýazmak ukyby;

  • Sahypa üçin suratlary gaýtadan işlemek ukyby;

  • Sabyrlylyk (monoton işi ýerine ýetirmek ukyby);

  • Çap etmegiň ýokary tizligi;

  • Köp mukdarda maglumat bilen işlemek ukyby.

Size peýdalary

  • Ýaş we dostlukly topar agzalarymyz bilen toparlaýyn iş (Teamwork)

  • Iş tejribesi (gyzykly meseleler boýunça professional ösüş)

  • Flexible (maýyşgak) iş wagty

  • Gyzykly taslamalary we öz pikirleriňizi tanatmak / durmuşa geçirmek ukyby

  • Boş wagtyňy peýdaly zatlara sarp etmek

  • Täze adamlar bilen tanyşmak

  • Jogapkärçilik gazanmak

Biz barada

Biz Ýolbelet toparynyň inisiatiw gruppasy. Bizi jemleýän esasy zat maksatlarymyzyň bir bolmagy , ýagny ýurdumyzy we jemgyýetimiziň adamlarynyň ylym-bilimini ösdürmekde goşant goşmagy islemegimizdir. Häzirki wagtda biz Ýolbeletde meýletinçi hökmünde, ýagny okuwymyzyň we işimiziň daşyndan boş wagtlarymyzda işleýäris. Ýöne ýakyn geljekde platformamyzy esaslandyrmak we biznes planlarymyzy durmuşa geçirmegiň üstünde işler alyp barýarys we şol wagt öz işgärlerimize kanuna laýyklykda iş hakyny töläris.
Siz hem biziň maksatlarymyzy goldasaňyz we biziň bilen bile işläsiňiz gelse sizi toparymyzda görmekden hoşal bolarys!

Esasy başarnyklar (Soft skills)

Analitika
Döredijilikli we tankydy pikirlenmek
Täsirli we ynandyryjy tekst ýazyp bilme ukyby
Tanyşdyryş başarnyklary
Gözleg başarnyklary
Dildar aragatnaşyk

Talap edilýän zatlaryň üstünde köp durmaň, olar adaty resmi iş talaby bolmak bilen siziň nämeler bilen meşgullanjaklygyňyzy beýan edýär.

Biziň sizden esasy garaşýan zadymyz bu işi etmäge bolan uly höwesiňizdir.