Birža we ykdysadyýet

Kursuň meýilnamasy:

1) Birža näme? Biržaň ykdysady ähmiýeti

2) Biržada nämeler edip bolýar? Paýlar näme?

3) Paýlaryň görnüşi

4) Paý satyn alyp pul gazanyp bolýarmy?

5) Paýlardan gelýän pul nirä gitmeli?

6) Gazanç edip bolýan başka mümkünçilikler

7) Şahsy baýlygymyz

8) Biziň baýlygymyzyň çeşmesi näme?

9) Baýlygymyza baýlyk goşup bilýäsmi?

10) Baýlygymyzyň menežmenti

Birža we ykdysadyýet

Online Tutor (lar) :

Abdyrahym Agajykow

Men Buharest Ykdysady Ylymlar Uniwersitetiniň Halkara işewürlik (business) we ykdysadyýet bölüminiň talyby. Men dürli ýerlerde maliýe ugrundan internship etdim. Kapital marketlar bilen ýakyndan gyzyklanýan. Bakalawr dissertasiýamy şol ugurdan ýazýan we şol ugurda işleýän ekspertlar bilen ýakyn gatnaşykda bolýan, dürli konferensiýalara gatnaşýan.

Kurs barada

Birža (stock market) we ykdysadyýet kursumyz size biržaň esaslary we ykdysady ähmiýeti hakynda öwreder. Biržada ulanylýan dürli žargonlar we biržadaky paý alyp-satmak mümkünçilikleri hakynda gürrüň ederis. Kursumyz bu bazar hakynda öwrenmek isleýänler we şol ugra täze gadam basýanlar üçin.