Biz barada

Kämilligiň ugrunda

Ýolbelet inisiýatiw topary 2020-nji ýylyň Sentýabr aýynda işine başlady. Ýolbelet topary döwrebap tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy, takyk bilimleri, galyberse-de, tehnologiýa, IT we daşary ýurt dilleri ýaly 21-nji asyrda möhüm bolup durýan dürli ugurlarda ylym bermek we almak isleýän ildeşlerimizi duşurmak üçin döredildi.

Startup.png

Biziň hyzmatymyz

 
 

Internet ulgamyndan peýdalanyp bilýän islendik adam Ýolbelet platformasyny ulanyp öz ugrundan sapak geçmegi meýilleşdirip biler ýa-da sanawymyzda bar bolan islendik kursa ýazylyp tölegsiz sapak alyp biler. Islendik adam maddy ýagdaýyna, ýaşyna, milletine, jynsyna, hünärine we ýaşaýan ýerine garamazdan Ýolbelediň hyzmatlaryndan peýdalanyp biler. Şeýlelik bilen Ýolbelet tutor bolmak isleýän meýletinçilerimize hem tejribe gazanma mümkinçiligi berýär. Ýolbelediň hyzmatlary diňe munyň bilen hem çäklenmeýär. Wideokurs ýasamak isleýän tutorlarymyz biziň toparymyzyň goldawy bilen kurslaryny ýasap okuwçylara hödürlemek mümkinçiligine eýedirler. Mundan daşary hem sapak geçmäne wagty bolmadyk ýöne öz ugurlarynda halypa derejesine ýeten mentorlarymyz bize ýazylmak arkaly öz ugruna ýaňy başlan ýa-da indi niýetlenýän höwesjeňlere maslahat berip bilerler. Ýolbelet inisiýatiw topary bilim pudagynda ildeşlerimize peýda getirjek islendik tekliplere açyk bolup durýar. Galyberse-de Ýolbelet topary öz agzalaryny gyzgyn gatnaşykda saklamak we olary dürli gyzykly we möhüm maglumatlardan habardar etmek üçin hem çäreler, webinarlardyr meetuplar gurnap durýar.

 

Biziň toparymyz